gopmak

gopmak
işlik
1) Ýüzi dökülip aýrylmak, gaçmak, soýulmak.
2) Döwlip aýrylmak, döwülmek.
3) Sogrulyp aýrylmak, sogrulmak.
∙ Durdugyça kynlaşsa-da oň haly, ýylgyn gopaýmasa, ol hem gopjak däl. (N. Pomma, Goşgular)
4) Göçme manyda Ýerinden galmak, turmak.
∙ Nabat ýerinden gopdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
∙ Giç gopdum öýtýän, ýetişip bilmedim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Ynha, Akbibi daýzamy kružogymyza çlen edip alarys welin, şonda onuň gopuz çalşyny-da, läle kakyşyny-da görübereris.
Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem gopmak - gopdum, gopduň, gopupdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»